Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň geoykdysady taýdan birleşmegi üçin çemeleşmeleri beýan etdiSerdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň geoykdysady taýdan birleşmegi üçin çemeleşmeleri beýan etdi

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň geoykdysady taýdan birleşmegi üçin çemeleşmeleri beýan etdi

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň gün tertibinde strategik wezipe bar – sebitiň esasy geoykdysady merkeze öwrülmegi. Bu maksada nädip ýetmelidigi barada giňişleýin garaýyşy – ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilelikdäki ulag geçelgelerini döretmek we elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly – bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlaryna ýüzlenmesinde beýan etdi

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm çözgütleri kabul etdilerMerkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm çözgütleri kabul etdiler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm çözgütleri kabul etdiler

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII Konsultatiw duşuşygynda Bilelikdäki beýanat we birnäçe resminamalar, şol sanda Merkezi Aziýada Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk konsepsiýasy, 2026-2028-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýada howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň sanawyny we olaryň öňüni almak üçin çäreler, Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy baradaky Karar we başgalar kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-nyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň ugryny kesgitledilerTürkmenistanyň Prezidenti we AÖB-nyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň ugryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-nyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň ugryny kesgitlediler

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze tapgyry üçin hususy telekeçiligi goldamaga, saglygy goraýşy ösdürmäge we “akylly” tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen strategik ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler