HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri dar düzümde gepleşikler geçirdiler

Noýabr 17, 2025 | 12:00 |26308
Şu gün, 17-nji noýabrda, Daşkentdäki “Kuksaroý” rezidensiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda dar düzümde gepleşikler geçirildiŞu gün, 17-nji noýabrda, Daşkentdäki “Kuksaroý” rezidensiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda dar düzümde gepleşikler geçirildi
Çeşme: president.uz

Şu gün, 17-nji noýabrda, Daşkentdäki “Kuksaroý” rezidensiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda dar düzümde gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki döwlet saparynyň soňky ýyllarda öň görlüp-eşidilmedik, nusgalyk derejä ýeten özbek-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm ädimdigi nygtaldy.

turkmenistan-uzbekistan-peregovory-uzkiy-format (1).jpg

Döwlet Baştutanlary Hökümetara toparynyň we Işewürler geňeşiniň yzygiderli mejlislerini goşmak bilen ähli ugurlarda oňyn ösüşi we işjeň gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem, saparyň öňüsyrasynda Ürgençde we Daşkentde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we kinofilmleriň görkezilişine ýokary baha berdiler, bu bolsa iki doganlyk halkyň arasyndaky ýakyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýene-de bir gezek tassyklady.

Ykdysady görkezijilere aýratyn üns berildi. Geçen ýyl ikitaraplaýyn söwda dolanşygy 1 milliard ABŞ dollardan geçdi, bu bolsa döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan maksada okgunly syýasatynyň gönüden-göni netijesidir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr infrastrukturasynyň, hususan-da, Türkmebaşy halkara deňiz portunyň netijeliligi logistika zynjyrlarynyň ösmeginde we ýük daşamalarynyň artmagynda esasy görkeziji hökmünde kesgitlenildi.

turkmenistan-uzbekistan-peregovory-uzkiy-format (3).jpg

Gepleşikleriň dowamynda özara söwdany mundan beýläk-de artdyrmak we senagat, energetika, ulag, maşyn gurluşygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, oba we suw hojalygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem sebitara alyş-çalyşlary giňeltmek üçin birnäçe ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, üçünji Sebitler forumyny taryhy Hywa şäherinde geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu bolsa iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşar.

Merkezi Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň we Özbegistanyň bitewi çemeleşmesini tassyklaýan derwaýys sebitleýin we halkara meseleleri boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026