HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň çäginde serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär

Noýabr 14, 2025 | 23:35 |24027
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm waka: Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýärTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm waka: Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 14-nji noýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm waka: Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak sapara görülýän taýýarlyk boýunça degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi barada hasabat berildi.

Saparyň dowamynda işe giriziljek serhetýaka söwda merkezi iki ýurduň arasyndaky köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm gurala öwrüler. Onuň işe girizilmegi 1993-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri Aşgabat bilen Daşkentiň arasynda dowam edýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly dialogyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabat gelýär. Sammitiň gün tertibi sebitde konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sebitleýin we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmak ýaly döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alar.

Bu çäräniň çäginde sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe goşmaça çäreler geçiriler. Şeýle hem ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026