HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 2026-njy ýyldaky Konsultatiw duşuşygyna başlyklyk eder

Noýabr 16, 2025 | 15:25 |25040
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdyTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Çeşme: president.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Sammite şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze gatnaşdy.

Gün tertibine laýyklykda, sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň başynda Şawkat Mirziýoýew Azerbaýjanyň Konsultatiw duşuşygynyň formatyna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde goşulandygyny yglan etdi. Özbegistanyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu çözgüt umumy taryhy kökleri, doganlyk gatnaşyklary, ruhy we medeni ýakynlyklary bilen berk baglanyşykly halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

16112025-turkmenistan-predsedatelstvo-konsultativnoj-vstrechi (2).jpg

Şeýle hem, ol bu strategik ädimiň Konsultatiw duşuşyklaryna güýçli itergi berjekdigine, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem durnukly ösüş meseleleri boýunça bitewi çözgütleri işläp düzmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini 2026-njy ýylda eýýäm täze “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň başlyklygyny kabul etmegi bilen gutlady.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Liderleri, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze çykyş edip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň ýüzlenmesini okady.

16112025-turkmenistan-predsedatelstvo-konsultativnoj-vstrechi (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026