

Türkmenistanyň DIM-i Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy
Türkmenistanyň daşary işler ministrligi anna güni irden Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasynyň üstüne edilen ýaragly hüjümi ýazgaryp, çykyş etdi.


Türkmenistanyň daşary işler ministrligi anna güni irden Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasynyň üstüne edilen ýaragly hüjümi ýazgaryp, çykyş etdi.


Ro-Pax görnüşli Azerbaýjanyň «Zarifa Aliýewa»parom-gämisi Türkmenbaşynyň deňiz portuna özüniň ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy.


Adam söwdasynyň öňüni almak we onuň pidalaryny ýüze çykarmagyň meseleleri BMG-niň Aşgabatdaky Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNP OON) tarapyndan geçirilen seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýty habar berýär.


Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ynsan ölçegleri boýunça Komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti özüniň ileri tutýan ugurlary baradaky beýanat bilen çykyş etdi.


Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselesi boýunça bilelikdäki iş topary degişli Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagyň barşyny ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.


Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek we beýleki meselleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow we ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan ara alyp maslahtalaşdylar – diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň Instagram sahypasynda habar berilýär.


Hindistan şu ýyl ŞHG-ne başlyklyk edýär we Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerini Goada 4-5-nji maýda geçiriljek duşuşyga çagyrdy.


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýiýoew YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende sapar bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şol sanda ykdysadyýet, söwda, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we medeni we gumanitar alyş-çalyş ýaly meseleleri ara layp maslahatlaşdylar.


Özbegistanyň paýtagty duşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriň geňeşiniň 26-njy mejlisini kabul edýär. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Ministrler Mabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär diýip, “Dünýo” habarlar agentligi habar berýär.


Paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde Türkmenistanyň iki palataly parlamentiniň - Milli Geňeşiň bilelikdäki mejlisi jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy- diýip, TDH habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi – diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň ikiçäk we giňeldilen düzümdäki duşuşyklarynyň netijeleri boýunça 10 resminama gol çekildi – diýip, RF-nyň hökümetiniň saýty habar berýär.


Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, RF-nyň resmi saýty habar berýär.


Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň parlamentiniň (Majilisiniň) aşaky palatasynyň we ähli welaýatlaryň maslihatlarynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak hakynda karara gol çekdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy žurnalistleri täze Arkadag şäheriniň gurluşygynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, ýerli KHBS-i üçin brifing gurnady– diýlip, diplomatiki wekilhananyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.