Habarlar

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylarTürkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylar

Bilermenleri alyşmak boýunça täze maksatnama badalga bermek meselesi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory Tomiko Itikawa bilen duşuşygynyň barşynda esasylaryň biri boldy. Bu barada türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

Dragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýärDragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýär

Dragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň täze reformalary, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurt bilen maýa goýum gatnaşygyny ep-esli giňeltmäge ýardam edýär, sebäbi ilkinji nobatda maýa goýumçylar goýumlardan geljek girdejini gözden geçirýärler, şeýle hem intellektual aktiwleriň transferi barada pikir edýärler. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetirji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.

Galkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün ederGalkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün eder

Galkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün eder

Galkynyş gaz ýatagyny işlemegiň üçünji tapgyry Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça her ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazyň iberilmegini üpjün eder – diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen beýan etdi.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy boýunça РСС Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy boýunça РСС Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy boýunça РСС Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň wekilleri poçta aragatnaşygy boýunça aragatnaşyk babatynda Sebitleýin arkalaşyk (РСС) Komissiýanyň, РСС poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň Geňeşiniň we olaryň Iş Toparynyň Minskide gibrid formatynda geçirilen nobatdaky bilelikdäki mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanda jenaýatyň çaga şaýatlary bilen söhbetdeşlik üçin ilkinji dostluk otagy döredildiTürkmenistanda jenaýatyň çaga şaýatlary bilen söhbetdeşlik üçin ilkinji dostluk otagy döredildi

Türkmenistanda jenaýatyň çaga şaýatlary bilen söhbetdeşlik üçin ilkinji dostluk otagy döredildi

Sişenbe güni, Aşgabatda Kopetdag etrabynyň polisiýa bölüminde jenaýatyň kiçijik şaýatlary ýa-da zebir görenler bilen derňew çärelerini geçirmek üçin ilkinji dostlukly çagalar otagy açyldy. Içeri işler ministrliginiň bölümlerinde çagalar üçin ýörite ýer döretmek halkara tejribesinde olar üçin howpsuz we gorkunç däl gurşawy hem-de az psihologiki ýagdaýy üpjün etmek üçin ulanylýar.