Habarlar

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görülýär«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda diňe bir dürli önümçilik desgalaryny, bilim ojaklaryny, edara-kärhanalary döwrebap kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak işlerine däl, eýsem, ýurdumyzda tehnologiýa önümçiligini ýola goýup, milli innowasion önümleri öndürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýagty geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar we döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Şu maksat bilen, her ýylyň 1-nji sentýabrynda mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere döwrebap kompýuterler sowgat berilýär. Şol kompýuterleriň milli elektron senagat kärhanalarynda öndürilýändigi buýsandyryjydyr.