Habarlar

Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada ibererÇehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer

Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer

Çehiýanyň işewür wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär. Bu missiýanyň Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady işjeňligi höweslendirmek üçin ähmiýeti iki ýurduň daşary işler ministrleri – Raşid Meredow we Ýan Lipawski 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda bellediler.

Mazari-Şarifdäki Türkmenistanyň Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdyMazari-Şarifdäki Türkmenistanyň Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdy

Mazari-Şarifdäki Türkmenistanyň Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdy

Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

GDA-nyň çäginde ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Gennadiý Bessonowyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Koreýa Respublikasynyñ Ýer, infrastruktura we ulag ministri Aşgabatda gepleşikleri geçirdiKoreýa Respublikasynyñ Ýer, infrastruktura we ulag ministri Aşgabatda gepleşikleri geçirdi

Koreýa Respublikasynyñ Ýer, infrastruktura we ulag ministri Aşgabatda gepleşikleri geçirdi

23-nji sentýabrda, duşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow we Koreýa Respublikasynyñ Ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak San U ulag-üstaşyr we logistika infrastrukturasyny giñeltmek boýunça Türkmenistanyñ iri taslamalarynyñ çäklerinde hyzmatdaşlyk ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.