Türkmenistan: geljegiň ulag merkezi ▶️


Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly halkara maslahaty we sergisi tamamlandy. Bu giň gerimli çäre, dünýäniň iň uly ulag kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri şol sanda 40-dan gowrak ýurtdan 600 töweregi gatnaşyjyny bir ýere ýygnady.

Forumyň esasy maksady halkara ulag ulgamynda özara hereketleri güýçlendirmek, innowasiýalary ornaşdyrmak we durnukly logistikany ösdürmek boldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda “ýaşyl” tehnologiýalary we sanly üýtgeşmeleri ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Sergi häzirki zaman çözgütleri bilen haýran galdyrdy: “akylly” Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini görkezmekden başlap, milli deňiz flotuny emele getirýän “Balkan” gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynyň innowasiýa taslamalaryna çenli. Gatnaşanlar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Hazar sebitindäki möhüm üstaşyr merkezi hökmünde ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan uly depginde ýollarynyň gurluşygyny alyp barýar, infrastrukturany döwrebaplaşdyrýar we multimodal daşamalary özleşdirýär, bu ýurdy Ýewraziýa sebitinde möhüm logistika baglanyşygyna öwürýär. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, täze gämiler we tehnologiki ösüşler ýurduň ulag pudagynyň ýokary maýa goýum mümkinçiligini görkezýär.

Türkmenistan hyzmatdaşlyga we innowasiýalara ýol açýan ählumumy ulag giňişliginde netijeli we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde özüni ynamly mälim edýär.
ORIENT








