Habarlar

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmakHalkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi

Türkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýärTürkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýär

Türkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýär

Bu esasy ugur Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-prezidenti Dipeş Meazurýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Malaýziýanyň "Petronas Çarigali Sdn. Bhd." kompaniýasynyň wekilleriniň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň esasy temasyna öwrüldi. Bu halkara energiýa ägirtleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyk "Türkmennebit" döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan geçirildi

2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Sloweniýa we Türkmenistan syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada maslahatlaşdylarSloweniýa we Türkmenistan syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada maslahatlaşdylar

Sloweniýa we Türkmenistan syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada maslahatlaşdylar

16-njy ýanwarda Sloweniýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Moskwa ş.) E.Aýdogdyýew, Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa işleri, syýasy meseleleri, halkara hukugy we bähbitleriň goralmagy boýunça ygtyýarlandyrylan Döwlet sekretary jenap Marko Ştusin bilen duşuşyk geçirdi.