HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

QazaqGaz ADNOC bilen bilelikde Türkmenistanda taslamalary meýilleşdirýär

Ýanwar 15, 2025 | 14:41 |7134
QazaqGaz kompaniýasy BAE-niň ADNOC (Abu Dhabi National Oil Company) Milli nebit kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda geologiýa barlag taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.QazaqGaz kompaniýasy BAE-niň ADNOC (Abu Dhabi National Oil Company) Milli nebit kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda geologiýa barlag taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Çeşme: azh.kz

QazaqGaz kompaniýasy BAE-niň ADNOC (Abu Dhabi National Oil Company) Milli nebit kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda geologiýa barlag taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. QazaqGaz müdirliginiň başlygy Sanžar Žarkeşowyň ADNOC kompaniýasynyň Halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohammed Al-Arýani bilen geçiren duşuşygynda bu mesele barada maslahatlaşyldy.

“Biz ADNOC bilen hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini görýäris hem-de bu babatda kuwwatymyzy netijeli ulanmaga taýýardygymyzy beýan edýäris. QazaqGaz aýdyň we bäsleşige ukyply şertleri teklip etmäge hem-de geljegi uly bolan böleklerde mümkinçilikleri hödürlemäge taýýardyr” – diýip, Žarkeşow belledi.

Belli bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde QazaqGaz bilen “Türkmengazyň” arasynda ösüş hakynda strategiki ylalaşyga gol çekildi. QazaqGaz Türkmenistanda gaz ýataklaryň, şol sanda ägirt uly Galkynyş nebitgaz ýatagynyň işläp taýýarlamalaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026