

Türkmen logistik kompaniýalary eksportyň çygryny giňeldýärler
Aşgabatda geçirilen Halkara ulag forumynyň iş maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi.


Aşgabatda geçirilen Halkara ulag forumynyň iş maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi.


Duşenbe güni, 18-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara umumy bahasy $25,5 million we 32 million manat bolan 48 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.


Şu gün Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň döwlet ulag agentlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.


Türkmenistan strategik maksada ýetmek üçin sebitiň ýurtlarynyň ulag kuwwatyny amala aşyrmak hem-de birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şol strategiki maksat Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirip bilýän häzirki zaman düzümleri döretmekden ybaratdyr.


Koronawirus pandemiýasy, Türkmenistanyň sebit üçin möhüm transport we üstaşyr merkezi hökmünde ägirt uly ähmiýetini aç-açan görkezdi diýip, Aşgabatda geçirilen maslahatda Halkara Ulagçylar Assosiasiýasynyň (UND Türkiýe) ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň hasabatyny hödürlän Assosiasiýasynyň wekili Alper Ozel aýtdy.


Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.


Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz porty, soňky ýyllarda onlarça hususy kompaniýalaryň döredilen ýeri bolan Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny öňe ilerletdi. Hususan-da, ýerli kompaniýalaryň 35-si port bilen hyzmatdaşlyk edýärler hem-de onuň ýaşyl düzümleriniň ösmegine uly ýardam berýärler.


Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ulag boýunça döwlet düzümleriniň wekilleri Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ulag geçelgelerini döretmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirýärler.


Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzyň çäginiň üstünden uçmak üçin 53 howa ýoly üpjün edilip, soňky ýyllarda awiakompaniýalara uçuşlaryň bahasyny arzanlatmaga mümkinçilik berýän 16 sany täze ugur açyldy diýip, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumyndaky çykyşynda aýtdy.


Türkmenbaşy şäherinde gurlan häzirkizaman Halkara deňiz porty we täze milli gämiler türkmen nebit önümleriniň daşary ýurtlarda durnukly üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.


Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça Aşgabat maslahatynyň gün tertibi köp babatda AÖB-nyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyna laýyk gelýär – diýip, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak aýtdy.


Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda halkara ulag üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň iş toparynyň üçünji mejlisi Aşgabatda, duşenbe güni açylan ulag forumynyň çäklerinde geçýär.


Duşenbe güni Aşgabatda ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça başlanan halkara maslahatynyň umumy mejlisine gatnaşyjylar täze çagyryşlar we mümkinçilikler babatda ulag-logistika ulgamynyň pandemiýdan soň täzeden dikeldilmegine garadylar.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat işläp başlady.