Aşgabat ylalaşygynyň çäklerinde synag ýük daşamalary geçiriler


Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda halkara ulag üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň iş toparynyň üçünji mejlisi Aşgabatda, duşenbe güni açylan ulag forumynyň çäklerinde geçýär.
Iş maslahatynyň dowamynda wekiliýetler toparyň soňky geçirilen mejlisiniň teswirnamasynda göz öňüne tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar alyşdylar. COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, kabul edilen çözgütleriň köp bölegini amala aşyrmak mümkin bolmandygy nygtaldy. Şonuň bilen birlikde, Aşgabat Ylalaşygy hökmünde belli bolan resminama boýunça bilelikdäki işi dowam etmek üçin olaryň möhümdigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hem-de üstaşyr awtoulag ýük daşamalary amala aşyrylanda, dürli päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça çärelere, bu geçelge boýunça demir ýol ulagy üçin ýeke-täk nyrhy girizmegiň mümkinçiliklerine garalýar.
Şeýle hem mümkin boljak päsgelçilikleri ýüze çykarmak hem-de ýükleri ýetirmegiň möhletlerini kesgitlemek üçin şu ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Hindistan-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan hem-de Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan ugurlary we bu ugurlaryň yzyna gaýdyş ýollary boýunça awtomobil, demir ýol, konteýner arkaly synag ýük daşamalaryny guramak bellenilýär.
“Aşgabat ylalaşygy” 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde güýje girdi. Onuň öňýanynda bu babatda Özara düşünüşmek hakynda ähtnama kabul edildi, bu resminama 2014-nji ýylyň awgustynda Maskat şäherinde (Oman) Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri gol çekdiler. Häzirki wagtda Ylalaşyk hem-de Ähtnama dört ýurtlaryň ählisi tarapyndan kabul edildi.
Häzirki taslamanyň çäklerinde ulag geçelgesiniň ugurlarynyň görnüşleri, barlag geçiriş nokatlarynda hereketleriň ylalaşylmagy, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
ORIENT news








