HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pandemiýa döwründe türkmen howa ýollary tarapyndan ýük daşamagyň göwrümi ep-esli artdy

Iýul 18, 2022 | 22:43 |10043
Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzyň çäginiň üstünden uçmak üçin 53 howa ýoly üpjün edilip, soňky ýyllarda awiakompaniýalara uçuşlaryň bahasyny arzanlatmaga mümkinçilik berýän 16 sany täze ugur açyldy diýip, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumyndaky çykyşynda aýtdy.Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzyň çäginiň üstünden uçmak üçin 53 howa ýoly üpjün edilip, soňky ýyllarda awiakompaniýalara uçuşlaryň bahasyny arzanlatmaga mümkinçilik berýän 16 sany täze ugur açyldy diýip, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumyndaky çykyşynda aýtdy.
Çeşme:

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzyň çäginiň üstünden uçmak üçin 53 howa ýoly üpjün edilip, soňky ýyllarda awiakompaniýalara uçuşlaryň bahasyny arzanlatmaga mümkinçilik berýän 16 sany täze ugur açyldy diýip, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow Aşgabatda geçirilen halkara ulag forumyndaky çykyşynda aýtdy.

Ol, pandemiýa sebäpli dünýä boýunça raýat awiasiýasyndaky ýagdaýyň durnuksyzlygyna garamazdan, Türkmenistanda bu pudagyň döwletiň goldawy saýasynda durnuklylygyny saklandygyny belledi. Hususan-da, pandemiýa döwründe Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna, ýagny Hytaýa, Taýlanda, Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyzystana we Ýewropa ýurtlaryna ýük gatnawlaryny üstünlikli dowam etdirýän we dowam edýän milli gatnawçy – “Türkmenistan” awiakompaniýasyna subsidiýalar, ýeňillikli karzlar berildi. Mundan başga-da, bu döwürde ýük daşamagyň möçberi ep-esli artdy.

Объем грузоперевозок туркменскими авиалиниями вырос за время пандемии в разы

Saburow, Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygy, durnukly multimodal koridorlary döretmekde ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky özara täsiri üpjün etmek üçin ulag we üstaşyr koridorlaryny emele getirmäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026