HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar

Iýul 18, 2022 | 21:15 |14462
Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça Aşgabat maslahatynyň gün tertibi köp babatda AÖB-nyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyna laýyk gelýär – diýip, Aziýa Ösüş Bankynyň  Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak aýtdy.Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça Aşgabat maslahatynyň gün tertibi köp babatda AÖB-nyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyna laýyk gelýär – diýip, Aziýa Ösüş Bankynyň  Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak aýtdy.
Çeşme:

– Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça Aşgabat maslahatynyň gün tertibi köp babatda AÖB-nyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyna laýyk gelýär – diýip, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak aýtdy.

Ol forumda çykyş edip, Türkmenistanyň özüni söwda we üstaşyr merkezi hökmünde görkezmek we bazarlaryny diwersifikasiýa etmek tagallalarynyň AÖB tarapyndan goldanylýandygyny aýtdy. Şol sanda bu goldaw ulag infrastrukturasyna maýa goýumlary arkaly hususy pudagyň ösüşine ýardam etmekden hem ybarat.

Ulag pudagynda AÖB-nyň Türkmenistandaky maksatnamasy demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. 2011-nji ýylda tassyklanan Demirgazyk-Günorta demirýol taslamasy, AÖB-nyň Türkmenistan üçin ilkinji karzy boldy. 288 km ýoluň signalizasiýa, elektrik üpjünçiligi we aragatnaşyk ulgamlary döwrebaplaşdyryldy. Bu Türkmenistandan Gazagystana barýan göni ýoly we Eýrany, Russiýa Federasiýasyny we Günorta Aziýany birleşdirýän geçelgelere birikmegi gowulandyrdy. Taslama halkara gatnawynyň iki essä çenli artmagyny, ýagny 7,1 million tonna töweregi bolmagyny üpjün etdi we CO2 zyňyndylaryny 27000 tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berdi.

АБР поддерживает Туркменистан в позиционировании себя как транзитного узла

Häzirki wagtda AÖB Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýol liniýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyryşyny taýýarlamakda Türkmenistana goldaw berýär. Taslama uzynlygy 1147 km polat ýoly boýunça ýolagçy we ýük gatnawynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we Türkmenistandan üstaşyr geçýän ähli halkara geçelgeleri birleşdirer.

Taslamanyň taýýarlyk işleri dowam edýär, başlangyç tapgyrlarda esasy üns 170 km deň bolan Aşgabat-Duşak bölegini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Andrisýak: “Türkmendemirýollary”agentligi bilen bilen jebis hyzmatdaşlykda ilkinji taslama karzyny geljek ýylyň başynda AÖB-nyň direktorlar geňeşine tassyklatmak üçin tabşyryp bileris diýip umyt edýäris" – diýip, aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026