

Türkmenistanda galp mahabatyň berlendigi üçin administratiw jerime bilen temmi berler
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksine bilkastlaýyn galp mahabat barada 312<sup>1</sup> maddasy goşuldy. Degişli üýtgetme hakyndaky kanun şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi we 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.



















