Azerbaýjan gaz ibermegiň geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär


Ýewropa ýurtlarynyň 10-sy Azerbaýjanyň tebigy gazynyň import edilip başlanylmagyna we artdyrylmaga uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada Trend habarlar agentligi prezident Ylham Alyýewiň «Ortaky geçelgäniň ugry boýunça: geosyýasat, howpsuzlyk we ykdysadyýet» atly maslahatyň jemleri boýunça çykyşyndan soň aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.
Gresiýa-Bolgariýa birleşdirijisi (interkonnektory) ýaly goşmaça gaz geçirijileriniň gurulmagy Ýewropanyň energiýa bazaryndaky bahalary arzanlatmaga we beýleki ýurtlary hem bu geçirijä birikdirmek mümkinçiligi bilen energiýa infrastrukturasyny giňeltmäge kömek eder.
Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen Bolgariýa-Serbiýa birleşdirijisi, şeýle hem Trans-Adriatik turbageçirijisine birikdirilen Ion-Adriatik turbageçirijisi Bosniýa we Gersegowina, Çernogoriýa, Horwatiýa, Wengriýa, Demirgazyk Makedoniýa we beýleki ýurtlary mawy ýangyç bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şeýle-de bolsa, Azerbaýjanyň lideriniň belleýşi ýaly, Azerbaýjanyň gazyny Gruziýa, Türkiýä we Günorta Ýewropa ýurtlaryna çykarmaga mümkinçilik berýän Günorta gaz geçelgesiniň geçirijilik ukybyny giňeltmek, gaz eksportyny artdyrmakda iň esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
ORIENT news
Surat: az.sputniknews.ru








