Türkmenistan goňşy döwletler bilen gümrük hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär


Türkmenistanyň gümrük işgärleri gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmek we serhetlerde ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek üçin daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Hukuk we halkara gatnaşyklary bölüminiň uly gözegçisi Çemengül Baýramowa «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň «Deňiz portaly» ulgamyny öwrenmek üçin Russiýanyň gümrük gullugynyň işgärleri bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda şuňa meňzeş ulgam döretmek tejribesini ulanmak maksady bilen, onlaýn duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem gazagystanly kärdeşleri bilen özara gepleşikler geçirildi, onuň çäklerinde türkmen hünärmenleri hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşini pugtalandyrmak maksady bilen, respublikanyň serhet gümrük nokatlarynda ýurduň bu ugurda gazanan tejribesi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Özbegistanyň we Eýranyň gümrük işgärleri bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe şertnamalara gol çekdiler we bu ugurda özara tejribe alyşdylar, bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň gümrük işgärleri serhetlerde ýokary derejeli hyzmaty amala aşyrmak üçin halkara ülňülerine laýyklykda hereket edýärler. Alnyp barylýan işler BMG, ÝHHG we Merkezi Aziýada Serhet Dolandyryş Maksatnamasynyň (BOMCA) goldawy bilen amala aşyrylýar.
ORIENT news
Surat: redaksiýa arhiwi








