Habarlar

Türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmekTürkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmek

Türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmek

2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,3 esse artdy. Şol bir wagtyň özünde, rumyn önümleriniň türkmen bazaryna importy 6,4 esse, türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8,2 esse artdy. Şeýle maglumatlar 1-nji dekabr, penşenbe güni Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan berildi.

Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşarRus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, GTE demir ýoly ulanmaga tabşyryldyÝüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, GTE demir ýoly ulanmaga tabşyryldy

Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, GTE demir ýoly ulanmaga tabşyryldy

Sekiz ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyşy boldy. Bu waka dünýä ähmiýetli bu özboluşly taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda geçirildi.