

Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatdaky mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (ÝUNEP) Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerine bagyşlanan okuw-seminaryny geçirdiler – diýip, wekilhananyň resmi saýty habar berýär.



















