HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sinhua: Hytaý syýahatçylary dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine we medeni alyş-çalyşa ýardam edýärler

Ýanwar 27, 2023 | 17:51 |10027
Bilermenleriň pikirine görä, ýurt tarapyndan daşary ýurt syýahatçylygynyň gaýtadan dikeldilmeginden soň hytaý syýahatçylarynyň halkara bazaryna gaýdyp gelmegi ykdysadyýetiň bu pudagynyň bütin dünýäde gaýtadan dikeldilmegine ýardam eder – diýip, Sinhua agentligi ýazýar.Bilermenleriň pikirine görä, ýurt tarapyndan daşary ýurt syýahatçylygynyň gaýtadan dikeldilmeginden soň hytaý syýahatçylarynyň halkara bazaryna gaýdyp gelmegi ykdysadyýetiň bu pudagynyň bütin dünýäde gaýtadan dikeldilmegine ýardam eder – diýip, Sinhua agentligi ýazýar.
Çeşme: english.news.cn

Bilermenleriň pikirine görä, ýurt tarapyndan daşary ýurt syýahatçylygynyň gaýtadan dikeldilmeginden soň hytaý syýahatçylarynyň halkara bazaryna gaýdyp gelmegi ykdysadyýetiň bu pudagynyň bütin dünýäde gaýtadan dikeldilmegine ýardam eder – diýip, Sinhua agentligi ýazýar.

Bu şeýle hem Hytaý bilen beýleki dünýäniň döwletleriniň arasyndaky medeni alyş-çalyşy işjeňleşdirýär.

Hytaýly jahankeşdeler medeni-dynç alyş syýahatlaryna işjeň gatnaşýarlar, dürli zatlary satyn alýarlar.

«Biz Hytaýdan gelen myhmanlaryň biziň restoranlarymyza gaýdyp gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» – diýip, Beýik Britaniýanyň restorankorporasiýasynyň uly menejeri Aliks Pikard aýtdy.

Hytaý täze ýylynyň baýram edilýän günlerinde bütin dünýä boýunça myhmanhanalar, restoranlar, söwda merkezleri we ajaýyp ýerler Hytaýyň wekillerini aýratyn tolgunma bilen garşy alýarlar. Şeýlelikde, Londondaky hytaý restoranynda arzuwlar agajyny oturdypdyrlar, onda her bir adam Hytaýyň ilatyna öz gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny galdyryp bilýär. Edarany däp bolup gelýän hytaý bezegleri bilen bezäpdirler we hatda ýörite menýu taýýarlapdyrlar, oňa bu ýylky Bahar baýramynyň nyşany – towşan etinden taýýarlanan tagamlary goşupdyrlar.

Stambuldaky Shangri-La oteliniň girelgesinde ullakan towşan dur, ol gyzyl çyralaryň arasynda durup, gelenleri garşy alýar; Indoneziýada Hytaýdan gelen myhmanlary ýolbarsyň däp bolup gelýän tansy bilen garşylaýarlar.

Baýrama Gresiýada hem düýpli taýýarlyk görüpdirler. Afinydaky howa menzilinde hytaýça gürleýän wirtual kömekçileri oturdypdyrlar. Olar gelenlere olaryň öz dilinde maglumat berýärler. Hytaýlylaryň özleri howa menzilinde öz ýurtlarynda ulanýan ähli töleg usullaryny ulanyp bilýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026
Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar

Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar

23:30 Oktýabr 15, 2026