

Owganystanda ýurtda öndürilen nebit üçin ilkinji tender geçirildi
Owganystanda ýurduň içinde öndürilen nebit üçin ilkinji tender geçirildi – diýip, Talibanlar hökümetiniň Dag-magdan senagaty we nebit ministrligi habar berdi.


Owganystanda ýurduň içinde öndürilen nebit üçin ilkinji tender geçirildi – diýip, Talibanlar hökümetiniň Dag-magdan senagaty we nebit ministrligi habar berdi.


BAE-niň Ministrler Kabineti sişenbe güni Türkmenistan bilen gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky ylalaşygy tassyklady we ýurtda Aziýa infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIMGB) ofisiniň döredilmegini makullady.


Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Mehrdada Bazrpaş Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada bu saparyň öňüsyrasynda ministrlikleriň we ykdysady guramalaryň gatnaşmagynda Tähranda bolup geçen türkmen-eýran bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 17-nji utgaşdyryjy mejlisi barada Eýranyň Mehr agentliginiň habarynda aýdylýar.


Dmitriý Žirnow «Izwestiýa» gazetine beren interwýusynda Russiýanyň turba öndürijileriniň Türkmenistandan Pakistana we Hindistana çekilýän gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna goşulmaga taýýardygyny belledi – diýip, TASS habar berýär.


Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we geljekde Türkmenistan Türkiýäniň merkezi arkaly gaz üpjünçisi, şeýle hem Alžir, Katar, ABŞ we beýleki ýurtlar ýaly suwuklandyrylan gaz eksport edijileri bolup biler – diýip, «Wygon Konsalting»-iň analitigi Ýegeniýa Popowa RIA habarlaryna teswirinde aýtdy.


Gazagystan Hytaý bilen Hazarüsti ulag ugruny ösdürmek barada ylalaşyga gol çekmekligi meýilleşdirýär. Ylalaşyk gümrük amallaryny ýönekeýleşdirer we ugurda ýük daşamalaryň kepillendirilen möçberini tassyklar. Bu meseleler hökümet ýygnagynda GR-nyň premýer-ministri Alihan Smailowyň ýolbaşçylygynda seredildi – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Anna güni, 3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $480 müň amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň hususy pudagy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda oba hojalygy we azyk önümleriniň önümçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,5% artdyrdy. Gürrüň ýurduň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) agzalary bolan kärhanalar barada barýar.


2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndüriliş depgini 106,3% artdy, onuň bu döwür içinde eksporty 101,6% deň boldy.


2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda iň gowy görkezijiler çalgy ýaglarynyň önümçiliginde gazanyldy - meýilleşdirilen wezipe 110,7% ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda 105% meýilnama artykmaçlygy bilen polipropilen, 100,8% - dizel ýangyjy öndürildi.


2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6.2% deň boldy. Bu döwürde önümçilik 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6% ýokarlandy. Şol gatnaşykda ýurduň eksport/import mukdary 3,4%, içerki bölek haryt dolanyşygy 9,5% ýokarlandy.


«Uztransgaz» paýdarlar jemgyýeti, Russiýadan gaz importy üçin infrastrukturasyny taýýarlaýar diýip, anna güni kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.


2022-nji ýylda Türkmenistanyň hususy pudagyny karzlaşdyrmagyň möçberi 28,2% artdy, bu bolsa milli ykdysadyýetiň tizleşdirilen liberalaşmagyna we onuň bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine we düzgünlerine laýykdygyna şaýatlyk edýär.


Çarşenbe güni, 1-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda suwuklandyrylan gazy daşary ýurda ibermek barada geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasy çarşenbe güni iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada News Central Asia habar berýär.