

Gazak nebiti Jeýhandan Rumyniýa ugradylyp başlandy
Gazagystanyň nebiti Jeýhan portundan Rumyniýa tarap ugradylyp başlandy – diýip, “KazMunaýGaz” Milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň (MKPJ) metbugat gullugy habar berýär.


Gazagystanyň nebiti Jeýhan portundan Rumyniýa tarap ugradylyp başlandy – diýip, “KazMunaýGaz” Milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň (MKPJ) metbugat gullugy habar berýär.


Moskwada Arkalaşygyň Senagat syýasaty geňeşiniň garamagynda GDA agza ýurtlaryň ulag serişdeleri üçin tebigy gazyň motor ýangyjy hökmünde ulanylmagyny ösdürmek we höweslendirmek boýunça bilermenler toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.


Sian – Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şensi welaýatynyň paýtagty ýakyn wagtda Aşgabat we Duşanbe howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sian Ösüş we Özgertmeler toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kaý şenbe güni: «Ýük gatnawlary gaýtadan dikeldildi hem-de açyldy we biz Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin gysga wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Duşanbe, Täjigistan we Aşgabat, Türkmenistan ýurtlaryna iki täze gatnawy açarys», - diýdi diýip, Economic Daily habar berýär.


Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa-Hytaý’ formatynda ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň ýolbaşçysynyň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.


Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.


2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 4,77 milliard dollara ýetdi, şolardan eksportyň mukdary 1,69 milliard dollar, importyň mukdary bolsa 3.07 milliard dollara deňdir.


Penşenbe güni, 20-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna we 12,1 mln türkmen manadyna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Gaffney, Cline & Associates atly energetika pudagynda maslahatlary bermäge ýöriteleşen Britan kompaniýasy «Türkmennebit» DK-ni bilen ýurduň nebit senagatyna maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada kompaniýanyň taslamalary dolandyrmak boýunça direktory Drýu Pauella salgylanyp, Trend habar berýär.


Çarşenbe güni, 19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $24,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 21 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Dragon Oil kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Halkara forumynyň göwher hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.


«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürýän ady bir halkara kluby, Aşgabatda öz wekilhanasyny açmaklygy meýilleşdirýär.


Seişenbe güni, 18-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-ig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $23 mln amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putiniň wideo aragatnaşyk arkaly 27-nji aprelde meýilleşdirilen «Akkuýu» AES-na ýadro ýangyjynyň getiriliş dabarasyna gatnaşjakdygyny mälim etdi – diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.


ABŞ-nyň Energetika ministrligi Türkmenistanda 2023-2024-nji ýyllarda nebitiň gazylyp alynmagy boýunça çaklamany çap etdi – diýip, edaranyň Energetiki maglumatlar müdirligine salgylanyp, Trend habar berýär.


10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.