HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Demirgazyk-Günorta» kluby Aşgabatda wekilhanasy açmak isleýär

Aprel 19, 2023 | 17:09 |8021
«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürýän ady bir halkara kluby, Aşgabatda öz wekilhanasyny açmaklygy meýilleşdirýär.«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürýän ady bir halkara kluby, Aşgabatda öz wekilhanasyny açmaklygy meýilleşdirýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürýän ady bir halkara kluby, Aşgabatda öz wekilhanasyny açmaklygy meýilleşdirýär.

Bu barada klubyň başlygy Ramazan Abdulatipow Nýu-Delide bölümiň açylyş dabarasynda beýan etdi – diýip, TASS habar berýär.

«Şeýle iş alnyp barylýar, meniň pikirimçe ýakyn wagtda [«Demirgazyk-Günorta»] klubynyň direktory Dmitriý Borisowiç [Dubowik] şunuň ýaly wekilahanalary Bakuda, Daşkentde, Aşgabatda we ş.m. açmak üçin uly işleri geçirer» - diýip, Abdulatipow aýtdy.

Klub ýükleri «Demirgazyk-Günorta» HUG boýunça daşamak üçin amallary ýönekeýleşdirmek bilen meşgullanýar, meselem – tutuş ugur üçin bir resminamanyň girizilmegi arkaly, gümrük päsgelçilikleriniň aýrylmagy we ş.m. şu meseleler boýunça hökümetler bilen gepleşikler geçirilýär. Klub ýygnaklary geçirýär, resminamalaryň üstünde işleýär we bilermenler goldawyny berýär.

Häzirki wagtda «Demirgazyk-Günorta» HUG boýunça her ýylda 20 müňe golaý konteýner daşalýar – diýip, Abdulatipow habar berdi. Iki ýyl mundan öň ýük daşamalaryň möçberi 9 müň konteýner töweregindedi. Bilermenleriň bahalandyrmasyna görä, bu ugur boýunça her ýylda 20 mln golaý konteýneriň daşalmagyny ýola goýup bolar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026