Habarlar

«Türkmengeologiýa»: Hazar deňziniň türkmen bölegi— maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly ugurdyr«Türkmengeologiýa»: Hazar deňziniň türkmen bölegi— maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly ugurdyr

«Türkmengeologiýa»: Hazar deňziniň türkmen bölegi— maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly ugurdyr

Türkmenistana uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan günorta we merkezi Hazaryň bir bölegi degişlidir. Hazar deňziniň türkmen bölegi 32 sany ygtyýarlandyrylan bloklara bölünýär. Daşary ýurt bilermenleriniň we ýerli geologlaryň baha bermeklerine görä, uglewodorodlaryň jemi serişdeleri nebit ekwiwalentinde 18,2 milliard tonna deňdir – diýip, Serdar Nurýagdyýew - «Türkmengeologiýa» DK-niň baş geofizigi Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda (BAE) geçirilýän Halkara forumynda çykyş etmek bilen, gürrüň berdi.

Türkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlarTürkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlar

Türkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlar

Beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen we dünýäde nebitiň we gazyň uly gorlarynyň eýesi bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary we Türkmenistan dünýä energetika arhitekturasynyň döredilmeginde has uly ähmiýete eýe bolýarlar. Bu bütindünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn orun eýelemek bilen, ýokary maýa goýum özüne çekijiligini kesgitleýär hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bu sebite gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar – diýip, Serdarmämmet Garajaýew - Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çarşenbe güni Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.

Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministriTürkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministri

Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministri

Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerlişigi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ( ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.