HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralary bilelikdäki ylalaşyklaryň taslamalaryny maslahatlaşýarlar

Sentýabr 19, 2023 | 09:13 |3852
Şu gün - 19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Halkara gümrük terminalyna baryp görerler we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri dowam etdirerler.Şu gün - 19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Halkara gümrük terminalyna baryp görerler we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri dowam etdirerler.
Çeşme: customs.gov.tm

18-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Aşgabada iki günlük iş sapar bilen geldi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Russiýanyň gümrükçileriniň iş sapary 2022-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparynyň duşuşyklaryny geçirmek maksady bilen guraldy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda wekiliýetleriň agzalarynyň iş duşuşuyklary geçirildi. Onda bilelikdäki meýilnamada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi, geljeki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durlup geçildi.

Hususan-da, ygtyýarly ykdysady operatoryň degişli edaralaryny özara ykrar etmek baradaky ylalaşygyň taslamasy, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda harytlar we ulag serişdeleri geçirilende ýönekeý gümrük geçelgesi amalyny ulanmak barada taslama, Russiýanyň gümrük akademiýasynda işgärleri taýýarlamak meselesi, özara maglumat alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün - 19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Halkara gümrük terminalyna baryp görerler we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri dowam etdirerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026