

Döwlet haryt çig-mal biržasynda “Ring Karde” nah ýüplügi satyldy
Söwdalaryň barşynda jemi 1 million 122 müň ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.


Söwdalaryň barşynda jemi 1 million 122 müň ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.


"Türkmenistan ösýän ýurt, biziň ýurdumyz üçin onuň ähmiýeti hem artýar"-diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari Farnezinada (bu ýerleşýän ýerine baglylykda Italiýanyň daşary syýasat edarasynyň ady - Farnezina köşgünde) ilçileriň konferensiýasynyň dowamynda Italiýanyň “ANSA” habarlar agentligine aýtdy.


“Sky Gates Airlines” (“Red Wings” kompaniýasyna degişli) ýük awiakompaniýasy uzak uçuşlara niýetlenen “Il-96-400Т” kysymly uçaryna ýyllyk dikeldiş-abatlaýyş işlerini geçirenden soň, ulanmaga goýberdi. Bu barada “Interfax.Ru” neşiri habar berýär.


Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 13-16-njy dekabr aralygynda Tokioda iş saparynda boldy.


Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki özüniň türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynyň ertesi güni Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek işine ýakyn wagtda girişiljekdigini mälim etdi.


Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti16-17-nji dekabr aralygynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.


“Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk, 18-nji dekabrda Brýusselde geçiriler. Duşuşygyň ertesi güni, 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda Türkmenistan-ÝB bilelikdäki toparyň söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-nji mejlisi geçiriler. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.


Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi sebitiniň merkezi dolandyryş şäheri Sian şu ýylyň başyndan bäri Hytaý - Ýewropa ugry boýunça gatnadylan 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi.


Hazar deňzinde käbir ugurlar boýunça ýük gatnawlaryny artdyrmak boýunça uly potensialynyň bardygyny bellemek bolar. Hazar deňzindäki ýerleşen deňiz portlaryň infrastrukturasyny gowulandyrmak, nyrh syýasatyny kämilleşdirmek, multimodal mehanizmleri ulanmak, bökdençlikleri azaltmak, resmileşdiriş proseduralary ýeňilleşdirmek ýaly wezipeleri durmuşa geçirmek wajyp bolup durýar.


BMGÖM-iň halkara bilermeni, BSG-niň Tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkow Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda ýurduň BSG-na goşulmagyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.


14-15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Çäräniň temasy “Deňligi stimulirlemek, durnukly we üýtgewsiz ykdysadyýet üçin elýeterli we öz içine alyjy ulag aragatnaşygy” diýlip atlandyryldy. Duşuşyk, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji maslahatynyň (LLDC) öňünden geçirilen taýýarlyk tapgyrydyr.


Türkmenistanda üsti açylan iň irki uglewodorod ýataklarynyň biri bolan “Gumdag” ýatagynda şu ýylyň geçen 11 aýynda 526,3 müň tonna nebit gazylyp alyndy.


Türkmenistanda penşenbe güni, 14-nji dekabrda türkmen ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudagy bolan ýangyç-energiýa toplumynyň işgärleriniň hormatyna baýramçylyk çäreleri geçirildi. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri güni ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabatda bellendi. Paýtagtyň nebitgaz toplumynyň binasynda hökümet agzalarynyň, ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň we köp görnüşli önümçilik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýygnak geçirildi.


13-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazara nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we türkmen el halylary ýerlenildi.


“Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagynda belleýär.