HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilçi Ferrari: Türkmenistan ösýän ýurt, onuň Italiýa üçin ähmiýeti hem artýar

Dekabr 18, 2023 | 22:22 |10459
"Türkmenistan ösýän ýurt, biziň ýurdumyz üçin onuň ähmiýeti hem artýar"-diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari Farnezinada (bu ýerleşýän ýerine baglylykda Italiýanyň daşary syýasat edarasynyň ady - Farnezina köşgünde) ilçileriň konferensiýasynyň dowamynda Italiýanyň “ANSA” habarlar agentligine aýtdy."Türkmenistan ösýän ýurt, biziň ýurdumyz üçin onuň ähmiýeti hem artýar"-diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari Farnezinada (bu ýerleşýän ýerine baglylykda Italiýanyň daşary syýasat edarasynyň ady - Farnezina köşgünde) ilçileriň konferensiýasynyň dowamynda Italiýanyň “ANSA” habarlar agentligine aýtdy.
Çeşme: ansa.it

"Türkmenistan ösýän ýurt, biziň ýurdumyz üçin onuň ähmiýeti hem artýar"-diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari Farnezinada (bu ýerleşýän ýerine baglylykda Italiýanyň daşary syýasat edarasynyň ady - Farnezina köşgünde) ilçileriň konferensiýasynyň dowamynda Italiýanyň “ANSA” habarlar agentligine aýtdy.

Ilçi: "Munuň sebäbini düşündirmek üçin ýeke bir görkezijini ýagny, hasaplanan tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň 50 trillion kub metr bolandygyny görkezmek ýeterlikdir"-diýip, belledi.

Ferrari, bu Türkmenistany ätiýaçlyklary boýunça dünýädäki ilkinji üçünji ýa-da dördünji ýurtdugyny görkezýär, şonuň üçin “bu ýurda bolan umumy gyzyklanma hem gaty uludyr”, emma biz “artykmaçlyk ýagdaýyndan başlaýarys, sebäbi biziň "Eni" kompaniýamyz ýurtda 15 ýyllap işleýär"-diýip, aýdyp geçdi.

Şeýle-de Italiýanyň ilçisi Türkmenistanyň daşary syýasat pozisiýasyna hem ýokary baha berdi, sebäbi "bu ýurt 28 ýyl mundan ozal bitaraplyk ýörelgesini kabul etdi" we "hiç hili harby bileleşiklere goşulmaýar".

Ferrari: "Elbetde, sebit bilen bagly göz öňünde tutsak, onuň (Türkmenistanyň) syýasaty özüniň durnuklylyk faktoryny görkezýär we bu biziň nukdaýnazarymyzdan diýseň oňyn faktor bolup durýar" diýmek bilen, sözüniň üstüni ýetirýär.

2.jpeg

Italiýanyň dünýädäki ilçileriniň 16-njy maslahaty 18-19-njy dekabr aralygynda Farnezinada geçirilýär. Oňa Italiýanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň 130-dan gowrak ýolbaşçysy gatnaşýar. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron we beýleki dünýä syýasatçylary ýygnaga gatnaşyjylara wideoýüzlenme berdiler.

Bu konferensiýa, 2024-nji ýylda ýurduň G7-de ýolbaşçylyk etmegini göz öňünde tutup, Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň roly we gurallary barada pikirlenmäge mümkinçilik döredýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026