Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy bilen bagly görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy


BMGÖM-iň halkara bilermeni, BSG-niň Tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkow Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda ýurduň BSG-na goşulmagyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.

Bu sapar 13-14-nji dekabr aralygynda BMGÖM bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr” bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi. Duşuşyklarda milli we halkara kanunçylygyň arasyndaky gatnaşyklar, BSG-niň şertnamalaryna esaslanýan ylalaşyk, şeýle hem proseduralary we ülňüleri halkara talaplaryna laýyk getirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä oba hojalygy, ýaşyl ykdysadyýet tendensiýalary, telekommunikasiýa, şeýle hem işewür toparlaryny gepleşiklere çekmek ýaly ugurlarda öňdebaryjy orunlary almak boýunça BSG-niň agzalygyny ulanmakda öňdebaryjy tejribe bilen baglanyşykly meseleler hem maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde halkara hünärmeniniň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Medwedkow “Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy: institusional çägiň seljermesi" atly hasabatyny hödürledi, şeýle hem ol daşary söwda režimi barada Memorandumy taýýarlamak, BSG-na goşulmak üçin mundan beýläkki hereketleriň yzygiderliligi we häsiýeti boýunça maslahatlar geçirdi we işewür toparlary gepleşiklere çekmekde öňdebaryjy tejribäni paýlaşdy.

Maksim Medwedkow Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we mugallymlary üçin “Bütindünýä söwda guramasy we telekeçilik gyzyklanmalary” atly tema boýunça umumy sapak berdi. BSG-na giren ýurtlaryň peýdalary we artykmaçlyklary, iş gurşawyny höweslendirmek, daşary ykdysady işjeňligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, eksportyň ösüşi, umuman alanyňda ilatyň girdejilerini we abadançylygyny ýokarlandyrmak ýaly meseleler gozgaldy.
ORIENT news








