

Türkmenistan we Katar Döwleti: iki energetika ýurdy söwda hyzmatdaşlygyny ösdürer
Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasynda özara gatnaşyklaryň ösýändigine garamazdan, iki ýurduň söwda hyzmatdaşlygy bar bolan kuwwatlyklara laýyk gelmeýär.


Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasynda özara gatnaşyklaryň ösýändigine garamazdan, iki ýurduň söwda hyzmatdaşlygy bar bolan kuwwatlyklara laýyk gelmeýär.


“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz käninde täze goşmaça önüm beriji 14 guýyny gurmakda hyzmat işlerini alyp barjak taraplary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.


Ýewropa maýa goýum banky Özbegistanda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda ulag taslamalaryny bilelikde maliýeleşdirmek üçin 1,5 milliard ýewro bölüp berer. Bu barada gazeta.uz neşiri Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.


Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ekerançylyk ýerlerinde dürli oba hojalyk işlerini geçirmekde häzirki zaman tehnikalaryny ulanýarlar.


Şu ýyl gämi gurluşygyna girişen “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody özüniňň hyzmatdaşlary bilen birlikde 14 aýyň dowamynda ilkinji gury ýük gämisini gurup ulanmaga bermegi meýilleşdirýär.


30-njy ýanwarda Brýusselde geçirilen “Global Gateway” maýadarlaryň forumynyň çäklerinde “Türkmenistanyň derwezesi: ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini öwrenmek” atly mejlis geçirildi.


Şeýlelikde, Türkmenistan degişli döwürde umumy bahasy 173 million dollara golaý bolan 528,1 müň tonna gallany Gazagystandan import etdi.


Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.


Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň administrasiýasy, geçen hepde gubernatorynyň Türkmenistanyň Mary welaýatyna eden saparyndan soň, iki serhet sebitiniň arasynda hyzmatdaşlygyň komitetini döretdi we bu iki tarapyň ykdysady meseleler boýunça wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün edýär.


Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar.


Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasy Türkmenistana 292 tonna bugdaý ununy eksport etdi.


Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylygyndaky topar, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliniň wekilleri Ýaponiýanyň Sanly özgeriş agentliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.


Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyzda Hazar deňzinde häzirki zaman port infrastrukturasy bar, kontinentdäki harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelge hökmünde ähmiýeti artýar diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, Brýusselde “Global Gateway” Maýa goýum forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.


ÝB we Merkezi Aziýa ulag baglanyşyklary boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy şu gün, 29-njy ýanwarda Brýusselde açyldy, ol Ýewropa, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Türkiýe we “G7-Uly ýedilik” hökümetlerini, maliýe guramalaryny, işewür we raýat jemgyýetlerini bir ýere jemledi. Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis foruma gatnaşýan Ýewropa we halkara maliýe guramalarynyň Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygyny goldamak we maýa goýmak üçin 10 milliard ýewro berjekdigini habar berdi.


Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.