HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkan welaýatyndaky ekerançylyk ýerlerinde häzirki zaman tehnikalary ulanylýar

Ýanwar 31, 2024 | 11:27 |9372
Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ekerançylyk ýerlerinde dürli oba hojalyk işlerini geçirmekde häzirki zaman tehnikalaryny ulanýarlar.Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ekerançylyk ýerlerinde dürli oba hojalyk işlerini geçirmekde häzirki zaman tehnikalaryny ulanýarlar.
Çeşme: agriculture.com

Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ekerançylyk ýerlerinde dürli oba hojalyk işlerini geçirmekde häzirki zaman tehnikalaryny ulanýarlar.

Welaýatyň daýhanlarynyň geçen ýyl döwlet harmanyna pagta tabşyrmak boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri bellärliklidir. Bu üstünligi şu ýylda hem gazanmak üçin ýerli ekerançylar yhlasly zähmet çekýärler.

Ýazky gowaça ekişine taýýarlyk görmek we güýzki bugdaýa ideg etmek boýunça işlere welaýatyň Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Bereket etrabyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleri ýakyndan ýardam edýärler. Bu barada "Balkan" gazetinde habar berilýär.

Ady agzalan kärhananyň bölüm müdiri Röwşen Satlykowyň bellemegine görä, häzirki wagtda gowaça ekmek üçin bölünip berlen ýerlerde sürüm işleri tamamlandy we 2 650 gektar ýerde tekizleýiş işleri alnyp baryldy.

Etrapda gowaça ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň 60-dan gowragy doly taýýar edildi.

Şol bir wagtda kärhananyň ussalary tarapyndan bugdaý orýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri alyp barylýar.

Ýerlerde hereket edýän ýörite toparlar ýeterlik mukdarda ýangyç we çalgy ýaglary hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026