ÝMGB Merkezi Aziýada ulag ulgamyny ösdürmek üçin 1,5 milliard ýewro golaý serişde bölüp berer


Ýewropa maýa goýum banky Özbegistanda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda ulag taslamalaryny bilelikde maliýeleşdirmek üçin 1,5 milliard ýewro bölüp berer. Bu barada gazeta.uz neşiri Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Ýewropa banky Brýusselde geçirilen «Global Gateway» maýa goýum forumynyň dowamynda agzalan ýurtlaryň ulag taslamalaryny bilelikde maliýeleşdirmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara, şeýle hem Gazagystanyň Ösüş Banky bilen umumy mukdary 1,47 milliard ýewro bolan Ähtnama gol çekdi.
«Ulag ulgamy häzirki zaman ykdysadyýetiniň binýady bolup, adamlaryň hereketini ýeňilleşdirýär we sebitdäki ýurtlaryň arasynda haryt, maýa we hyzmatlar boýunça alyş-çalşygy üpjün edýär» diýip, ÝMGB-niň wise-prezidenti Tereza Çerwinska belledi.
ÝMGB-niň bilelikde maliýeleşdirmegi Ýewropa hem-de halkara maliýe guramalarynyň Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, hususan-da, Hazarüsti ulag geçelgesi ýaly ulag taslamalaryna 10 milliard ýewro sarp etmek baradaky umumy borçnamanyň çäklerinde amala aşyrylar.
Ýatlatsak, soňky on ýyllykda bank dünýäde umumy bahasy 136,5 milliard ýewro bolan ulag taslamalaryny maliýeleşdirdi.
ORIENT news








