HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Galkynyş” gaz käninde goşmaça 14 guýy gurlar

Fewral 01, 2024 | 11:17 |5731
“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz käninde täze goşmaça önüm beriji 14 guýyny gurmakda hyzmat işlerini alyp barjak taraplary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz käninde täze goşmaça önüm beriji 14 guýyny gurmakda hyzmat işlerini alyp barjak taraplary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.
Çeşme: oilgas.gov.tm

“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz käninde täze goşmaça önüm beriji 14 guýyny gurmakda hyzmat işlerini alyp barjak taraplary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin hukuk derejesini, bank hasaplaryny we beýleki telekeçilik maglumatlaryny görkezýän resminamalaryň nusgalaryny tabşyrmak möhümdir. Teklipler bildiriş çap edileninden soň, 14 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Resminamalar Aşgabat şäherindäki Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýynda kabul edilýär.

Ýeri gelende bellesek, “Galkynyş” gaz käni dünýäde iň iri uglewodorod ýataklarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistan eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen bu gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işlerini alyp barýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026