

Amerikan işewür toparynyň Türkmenistana nobatdaky sapary şu ýylyň dowmynda amala aşyrylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen 12-nji fewralda duşuşyk geçirdi.


Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen 12-nji fewralda duşuşyk geçirdi.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýerli telekeçileri Beýik Britaniýada azyk we içgi senagatyna degişli öňdebaryjy hem-de iň iri sergi bolan «Food & Drink Event (IFE) 2024» halkara çäresine gatnaşmaga çagyrýar. Sergi 25 – 27-nji mart aralygynda Londondaky ExCel-de geçiriler.


Ilçi Batyr Rejepow Günorta Afrikanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Seýpelo Metýus bilen duşuşdy we şu ýyl üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy.


Türkmenistanyň Energetika ministrligi Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy degişlilikde 35 kW we 110 kW bolan iki sany elektrik bekedini gurup ulanmaga bermek boýunça bäsleşik yglan edýär.


Türkmenistanyň Prezidenti, "Halkbank" paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan Myrat Arabowyň bankyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşadylmagy baradaky kararyny tassyklady we degişli resminama gol çekdi.


Belarusyň ulag we aragatnaşyk ministri Alekseý Lýahnowiç geçen ýylyň netijelerine esaslanyp, Respublikanyň Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň eksportyny 3,6 esse artdyryp bilendigini aýtdy.


“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň başlygy “Zyh” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda “Gahryman Halilbeýli” tankerini abatlamak işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.


Türkmen wekiliýeti, emeli intellektiň şäher dolandyryşynda ulanylmagy, bilim ulgamlarynyň, saglygy goraýyş, geljegiň ykdysadyýetini emele getirmek we şäherleşme prosesleriniň beýleki ugurlarynda işleri durmuşa geçirmek tejribesini öwrenmek üçin BAE-ne iberildi.


Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan geçirilen üç günlük okuw maslahatynyň çäginde Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysynyň synag görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň, "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat topar Waşington şäherinde "Merkezi Aziýa+ABŞ" görnüşinde kritiki minerallar boýunça ilkinji dialoga gatnaşdy.


Belarus Respublikasy Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine ilkinji gezek goşulýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen pagta we bugdaý hasylynyň 2024-nji ýylda döwlet satyn alyş bahalarynyň möçberleri barada Karara gol çekdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Hökümet agzalary we beýleki ýolbaşçylar tarapyndan 2023-nji ýylyň netijeleri barada hasabat berenden soň, umumy netijeleri gysgaça beýan etdi we 2024-nji ýyldaky wezipeleri kesgitledi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýumlary boýunça ýyllyk Maksatnamany tassyklady.