HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanyň iň iri gämileriniň biri türkmen nebitini daşamakda ulanylar

Fewral 12, 2024 | 10:43 |8271
“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň başlygy “Zyh” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda “Gahryman Halilbeýli” tankerini abatlamak işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň başlygy “Zyh” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda “Gahryman Halilbeýli” tankerini abatlamak işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.
Çeşme: caliber.az

“Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň başlygy “Zyh” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda “Gahryman Halilbeýli” tankerini abatlamak işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi. Bu barada “Caliber.Az” neşiri habar berýär.

Bellenişi ýaly, bu gämi türkmen nebitini daşamakda ulanylar. Gämi ilkinji gatnawyny ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna amala aşyrar.

Bejeriş wagtynda tankeriň suwasty we suwüsti bölekleri arassalandy we boýaldy, şeýle hem hereketlendiriji otagynda, esasy dwigatelde, gazan otaglarynda we kömekçi hereketlendirijilerdäki mehanizmler çalşyldy. Mundan başga-da, kebşirlemek we elektrik gurnamak işleri geçirildi we ekipaž kabinalary abatlandy. Onda has ösen häzirki zaman aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamlary oturdyldy.

Gruziýa we Gara deňiz sebitiniň beýleki ýurtlaryna eksport etmek üçin azerbaýjan we türkmen gämileri Türkmenistandan nebit daşaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026