Habarlar

Türkiye, türkmen energiýasyny Günbatar bazarlaryna daşamak üçin geçelge bolmagy maksat edinýärTürkiye, türkmen energiýasyny Günbatar bazarlaryna daşamak üçin geçelge bolmagy maksat edinýär

Türkiye, türkmen energiýasyny Günbatar bazarlaryna daşamak üçin geçelge bolmagy maksat edinýär

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok 25-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen metbugat ýygnagynda Türkmenistan tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksporty babatynda möhüm orny eýeleýär diýip, belledi. Ol “türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny günbatar bazarlaryna daşamak boýunça işleriň ýakyn wagtda başlanjakdygyna” umyt bildirdi.

Ýapon kompaniýasy türkmen telekeçilerine işewürlik hyzmatlaryny hödürlediÝapon kompaniýasy türkmen telekeçilerine işewürlik hyzmatlaryny hödürledi

Ýapon kompaniýasy türkmen telekeçilerine işewürlik hyzmatlaryny hödürledi

Ýaponiýanyň “Gransol Inc” senagat konsaltinginde ýöriteleşen kompaniýasy, türkmen telekeçilerine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň önümçilik kompaniýalarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin işewürlik hyzmatlaryny hödürledi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu barada duşenbe güni, 22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Gransol Inc” we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.