

Türkmen işewür wekiliýeti Gazagystanda iş saparynda boldy
Ýakyn wagtda türkmen wekiliýeti Almaty, Şymkent we Astana şäherlerine hem işewürlik saparlaryny amala aşyrarlar.


Ýakyn wagtda türkmen wekiliýeti Almaty, Şymkent we Astana şäherlerine hem işewürlik saparlaryny amala aşyrarlar.


"Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Fransiýanyň demir ýol ulgamlaryna hyzmatlary hödürlemäge ýöriteleşen “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler.


2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy.


BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy.


Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebit önümleriniň gerimini giňeldýär. Gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy «Hydro Plus» ýurtda we daşary bazarlarda meşhurlyk gazanan milli nebit önümleriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelejekdigi çaklanylýan täze önümdir diýlip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde bellenilýär.


Arkalaşygyň agza döwletleriniň Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň we Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralary bilen GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň 2024-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilmegine garaşylýar. Ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibiniň taslamasy 21-nji fewralda Moskwada geçirilen Ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň mejlisinde tassyklandy, şonda GDA-na agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Londonyň iň iri halkara howa menzili bolan Hitrou howa menziliniň 10% paýnamasyny satyn alar. Bu geleşige «Ardian» fransuz maýa goýum kompaniýasy hem gatnaşýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.


Şu ýyl «Merkezi Aziýa» senagat hyzmatdaşlygynyň halkara merkeziniň gurluşygyna badalga berler. Bu barada Gazagystanyň Söwda ministrligi habar berýär.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Antwerpen deňiz akademiýasynyň Baş direktory Rouen wan Şereniň arasynda geçirilen duşuşykda deňiz bilimi we deňiz giňişliginde işleýän hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.


Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin awtoulag ýük daşamalarynyň möhüm meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.


20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy.


BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy.


«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýaş gämi gurluşykçylary toparlaýyn esasda 23 sany gämi reňkleýjileri jemgyýetiniň binýadynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça gysga möhletli okuwlary geçýärler.


Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki mermer we granit daşlary işlenilýän «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawody şu ýylyň ilkinji aýynda önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler.


18-nji fewral güni Türkmenistandan Özbegistana bir gije-gündizde 21,6 mllion kilowatt sagat elektrik energiýasy iberildi.