HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow soňky 15 ýylda ýurtda gazanylan ykdysady görkezijileri beýan etdi

Fewral 23, 2024 | 14:22 |7215
2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy.2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artýandygy hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi aýdyldy.

Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi. Mundan başga-da, içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Bu, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026