Habarlar

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldyIgor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.

3-5-nji mart aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik forumy geçiriler3-5-nji mart aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik forumy geçiriler

3-5-nji mart aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik forumy geçiriler

3-5-nji mart aralygynda Aşgabatda owgan öndürijileriniň önümleriniň sergisi we türkmen-owgan işewürler forumy geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Daşary işler ministrligi, Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin bilelikdäki söwda bileleşigini döredýärlerGazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin bilelikdäki söwda bileleşigini döredýärler

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin bilelikdäki söwda bileleşigini döredýärler

Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň demirýol edaralarynyň döretmegi meýilleşdirýän bu bilelikdäki kärhanasy, hyzmatlaryň hilini gowulaşdyrmaga, ýük daşamagyň wagtyny azaltmaga we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde “bir penjire” başlangyjy boýunça hyzmat etmäge kömek eder diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin belleýär.