HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“The Investor”işewürlik žurnaly Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmakçy

Fewral 20, 2024 | 19:10 |7257
20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy.20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen “The Investor” žurnalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

L.Slowinski žurnalyň redaksiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleýin tanatmak üçin Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar žurnalyň Türkmenistan barada ýörite sanyny neşir etmek mümkinçiligine garadylar.

1.JPEG

“The Investor” žurnalynyň direktorynyň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki saparynyň çäginde ýurduň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary meýilleşdirilýär.

«The Investor» – «Beyond Investments Group» fransuz konsalting we neşirýat kompaniýasynyň düzümine girýän, halkara derejesinde öňdebaryjy işewürlik neşiri bolup durýar. Kompaniýa ösüp barýan bazarlar barada iň soňky maglumatlary bermäge ýöriteleşendir we umumy maýa goýumlary 60 milliard dollardan gowrak bolan 48 ýurtda 165 müňden gowrak maýa goýujylaryň toruna girmäge mümkinçiligi bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026