Habarlar

Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylarRus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda näbelli gadymy tagta oýny üçin doly toplumyň üstünden bardylar. Bu barada RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň müdiri Andreý Polýakow TASS-da geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere mälim etdi.

Sungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawySungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawy

Sungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawy

Sungat söýüjiler we suratkeşler üçin Ýewropa şäherleriniň gyzykly reýtingi nemes kompaniýasy posterXXL tarapyndan edildi. Meşhurlyk görkezijisi, binalaryň meşhur binagärleri, sungat mekdepleri, sungat festiwallary tarapyndan döredilen çeperçilik galereýalarynyň möçberine, şeýle hem belli bir şäherde doglan häzirki zaman suratkeşleriniň we senetçileriniň sanyna we beýleki kriteriýalara esaslanyp hünärmenler tarapyndan «çykaryldy».

Hytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildiHytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildi

Hytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildi

Rus-Hytaý simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor Wan Ýuanhaonyň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň dünýä premýerasy Moskwada geçirildi. Birbada iki dirižýoryň – Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň uçurymy Wiktoriýa Dobrowolskaýa we Çžen Tunçžonyň ýolbaşçylygyndaky täsin topar Russiýanyň paýtagtynda konsert berdi diýip, «Bolşaýa Aziýa» ýazýar.