HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus arheologlary Goňur-depe taryhy ýadygärliginiň çäklerinde näbelli tagta oýny üçin gadymy toplumyň üstünden bardylar

Awgust 15, 2023 | 02:40 |11608
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň
arheologlary RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen
bilelikde Türkmenistanda geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda näbelli gadymy
tagta oýny üçin doly toplumyň üstünden bardylar. Bu barada RYA-nyň Maddy
medeniýetiň taryhy institutynyň müdiri Andreý Polýakow TASS-da geçirilen metbugat
ýygnagynda žurnalistlere mälim etdi.Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň
arheologlary RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen
bilelikde Türkmenistanda geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda näbelli gadymy
tagta oýny üçin doly toplumyň üstünden bardylar. Bu barada RYA-nyň Maddy
medeniýetiň taryhy institutynyň müdiri Andreý Polýakow TASS-da geçirilen metbugat
ýygnagynda žurnalistlere mälim etdi.
Çeşme: orient.tm

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda näbelli gadymy tagta oýny üçin doly toplumyň üstünden bardylar. Bu barada RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň müdiri Andreý Polýakow TASS-da geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere mälim etdi.

“Bu ýyl özboluşly bir üýtgeşik tapyş etdik - mazarlaryň birinde haýsydyr bir oýna degişli heýkeljikler toplumy tapyldy. Heýkeljikler öňem birdir-ýeke tapylýady, ýöne olar tutuş toplum däldi, bu ýerde bir heýkel, ol ýerräkde – başga bir heýkeljik. Häzir bolsa biz piramida şekilli daş heýkeljikleriň 12 sanysyny, 8 sany daş topy, 3 sany gaýtadan işlenen serpentinit daşyny, 3 sany pisse miwesi görnüşindäki fişkany, 2 sany rakuşkany we kauriniň rakowinasyna, ýagny daşky gabygyna meňzetmäni öz içine alýan toplumy tapdyk. Gürrüňsiz, bu doly toplum bolsa gerek” – diýip, agentlik Polýakowyň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, indi alymlar bu gymmatly taryhy çeşmeler bilen dowamly we diýseň külpetli iş alyp bararlar, onyň maksady - Garagum sährasynyň goýnunda ýerleşen Gonur-depe şäheriniň çäginde ýaşaýan adamlaryň ýitip giden ýerli medeniýetine mahsus bolan bu gadymy oýnuň many-mazmunyna we düzgünlerine düşünmekden ybarat.

Bürünç eýýamynda, biziň eramyzdan öň 3-2-nji müňýyllygyň başynda Marguş ýa- da Margiana siwilizasiýasynyň dörän bu ýerleri gül-gülüstanlyga beslenen mekan bolupdyr.

Polýakow soňky gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň alymlary tarapyndan ýylany depeleýän öküziň görnüşi şekillendirilen uly möhüriň we gadymy ýerli medeniýet bilen baglanyşykly beýleki gyzykly tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026