HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda 48HFR bäsleşigi üçin türkmen režisýorlarynyň gysga metražly filmleriniň görkezilşi geçiriler

Awgust 11, 2023 | 13:02 |1130
48 Hour Film Race bäsleşigine öz işlerini iberen türkmenistanly režisýorlar hem-de kino söýüjiler Aşgabatda gysga metržly filmleriň görkezilşini geçirerler.48 Hour Film Race bäsleşigine öz işlerini iberen türkmenistanly režisýorlar hem-de kino söýüjiler Aşgabatda gysga metržly filmleriň görkezilşini geçirerler.
Çeşme: freepik.com

48 Hour Film Race bäsleşigine öz işlerini iberen türkmenistanly režisýorlar hem-de kino söýüjiler Aşgabatda gysga metržly filmleriň görkezilşini geçirerler.

Bu çäre tomaşaçylara häzirki zaman türkmen kino sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga, ýaş režisýorlar hem-de artisler bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik berer.

Görkezilşi Türkmenistandaky Go Viral jemgyýetçiligi guraýar. Oňa tejribeli türkmen režisýory Erkin Ýazow, blogerler, ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Go Viral abassador we beýlekiler gatnaşarlar.

Jemi tomaşaçylara dürli mowzukdaky 18 gysga metražly film görkeziler. Olaryň her biri aýra bir topar tarapyndan bäsleşigiň şertlerini hasa almak bilen 48 sagadyň dowamynda surata düşürildi. Meselem: filmler belli bir žanyrda hem-de hökmany bir gahrymanyň gatnaşmagynda surata düşürilmeli. Şu ýyl bu gahryman – masgarabaz(kloun) boldy.

Görkezişleriň arasyndaky arakesmelerde bäsleşige gatnaşyjylara gyzyklanma bildirilýän soraglary bermek, filmleriň many-mazmunyny ara alyp maslahatlaşmak mümkin bolar.

Görkezişler 19-njy awgustda sagat 18:00-dan 20:00 çenli Aşgabatdaky Amerikan merkezinde geçiriler. Merkeziň salgysy Andalyp köçesi, bina №70(Täjirçilik merkezi) 3-nji gat. Giriş tölegsiz.

48 Hour Film Race bäsleşigi eýýäm 8-nji gezek geçirilýär. Oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan toparlar gatnaşýarlar. Şu ýyl ýeňiji bolanlar Nýu-Ýork Kino sungaty akademiýasynda tölegsiz bilim alyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026