HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky konsertde filmlerden alnan aýdymlar ýaňlanar

Awgust 10, 2023 | 20:24 |11363
Aşgabatdaky konsert möwsümi 20-nji awgustda ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşy
bilen açylar. Olar paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny meşhur sowet,
türkmen, rus we daşary ýurt filmleriniň aýdymlary ýerine ýetiriljek “Film, film,
film!” atly aýdym-saz agşamyna çagyrýarlar.Aşgabatdaky konsert möwsümi 20-nji awgustda ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşy
bilen açylar. Olar paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny meşhur sowet,
türkmen, rus we daşary ýurt filmleriniň aýdymlary ýerine ýetiriljek “Film, film,
film!” atly aýdym-saz agşamyna çagyrýarlar.
Çeşme: Pixabay

Aşgabatdaky konsert möwsümi 20-nji awgustda ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşy bilen açylar. Olar paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny meşhur sowet, türkmen, rus we daşary ýurt filmleriniň aýdymlary ýerine ýetiriljek “Film, film, film!” atly aýdym-saz agşamyna çagyrýarlar.

Aşgabat aýdym-saz agşamynda ýaş artistler - Aýlar Baýramowa, Anna Hommadowa, Marta Giris, Grigoriý Ambarsumow dagylar "Karnawal gijesi", "Göwher el", "Dogan-2", "Titanik", "Tiffaniňkide ertirlik", "Aýgytly ädim" ýaly kinolarda ýaňlanan aýdymlary ýerine ýetirerler. Konsertde meşhur aýdymçy Ýelena Oreşkina hem çykyş eder.

Aýdymçylaryň çykyşlary filmlerden alnan wideo şekiller bilen üsti ýetiriler - tomaşaçylar söýgüli kinolaryndan parçalary görüp we tanyş aýdymlary diňläp bilerler.

Konsert 20-nji awgustda paýtagtyň "Türkmenistan" kinokonsert zalynda bolar. Başlaýan wagty: 16:00.

Bilet satyn almak üçin jaň edip bilersiňiz: +993 62 93 74 41; +993 61 72 78 63.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026