

Güle we aýdym-saza beslenen anna: "Janly nusgawy sazlar" konserti we janly hekaýa
Ýogsa, bu gün uly arzanlaşykly, daşary ýurtlarda atlandyrylyşy ýaly, "gara anna" güni hem däl-ä! Bu ýöne al, gyzyl, ak we beýleki güllere beslenen "gülli" anna güni.


Ýogsa, bu gün uly arzanlaşykly, daşary ýurtlarda atlandyrylyşy ýaly, "gara anna" güni hem däl-ä! Bu ýöne al, gyzyl, ak we beýleki güllere beslenen "gülli" anna güni.


Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" atly 8-nji halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän "Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna saz eserleri" atly döredijilik bäsleşigine ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.


“Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.


Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy.


Sankt-Peterburgyň dolandyryş edarasynyň we Milletler öýüniň ýakyndan ýardam etmeginde Sankt-Peterburg şäherindäki Türkmenleriň "Mekan" medeni jemgyýeti hem-de "Anima" bilim merkezi bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli interaktiw çäre guradylar.


2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.


2-nji martda Aşgabat şäherinde “Mugallymlary ýatlap” ady bilen adaty bolmadyk çäre geçiriler.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň, Fransiýadaky ilçihananyň wekilleri Medeni öz-özüňi beýan etmegiň görnüşleriniň dürlüligini goramak we giňeltmek boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasyna gatnaşýarlar.


Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.


Russiýanyň Etnografiýa muzeýinde peterburglylara yssy howaly Türkmenistanyň köp öwüşginli aýratynlklary we ajaýyp sazlary tanyşdyryldy. Bu barada “Sankt-Peterburg” teleýaýlymy habar berýär.


Gazagystandaky Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2024” ýylynyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.


Beýik Britaniýanyň kitaphanasy “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly dokumental filmiň bir böleginiň düşürilýän ýeri bolar.


"Scientific Reports" žurnalynda ýakynda çap edilen ylmy işde beýan edilişi ýaly, bürünç asyryna degişli Ahemeniler döwründen hem irki eýran siwilizasiýasyna degişli ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan goýy gyzyl garyndyny özünde jemleýän gadymy çüýşe gaby häzirki zaman makiýažynyň ähli aýratynlyklaryny öz içine alýar.


1-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň uly zalynda “Bahar joşguny” atly konsert geçiriler. Ol bahar paslynyň gelmegine we 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ähli aýal-gyzlara bagyşlanýar.


Türkmenistanyň “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň başlanmagynyň ertesi güni ýagny, 27-nji martda geçiriler. Maslahatyň wekiliýetleri geçiriljek bu dabaralara hem gatnaşarlar.