Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen filmleri Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalynyň baýraklaryna eýe boldy

Maý 04, 2024 | 14:06 |9507
2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.

Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 filmler görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda üç sany filmi hödürledi - «Ol Rumystany görsem» režissýory H.Alowow, «Umyt» režissýory I.Annamuhammedow we «Meniň kakam» režissýory A.Eýeberdiýew.

«Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly iki sany türkmen filmi, «Turan» atly halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy.

Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinoçylary tarapynda Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi. Türkmen kino eseri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň keşbini diňe bir milli derejesinde däl, eýsem dünýäniň kino söýüjilerine açyp görkezdi.

«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde hem görkezildi.

Şeýle hem, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan, türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin hem ýörite baýrak gowşuryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026