Habarlar

Gyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýelediGyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeledi

Gyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeledi

2022 – 2023-nji okuw ýylynyň maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünär ugurlary boýunça türkmenistanly ýaşlaryň 64-si bilim alýar. Bu görkeziji bilen Türkmenistan Gyrgyzystanda bilim alýan daşary ýurtly raýatlaryň sany boýunça ilkinji onluga girdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, 24.kg internet neşiri mälim edýär.

Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrarRussiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar

Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar

Russiýanyň Bilim ministrligi mugallymçylyk ugruna ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerine öňümizdäki okuw ýylyndan “Rus dili daşary ýurt dili hökmünde” ugry boýunça býujet esasynda okajak daşary ýurtlardan kabul ediljek talyplaryň sanyny artdyrmagy teklip etdi. Bellenişine görä, bu ugruň uly meşhurlyga eýe bolmagydyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi Russiýanyň bilim ministriniň orunbasary Denis Griboýedowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.