

Aşgabat Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirer
Ýakynda durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar we çäreler Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Aşgabada sapar bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster ofisiniň müdiri, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljek ýyl türkmen paýtagtynda ýurduň ÝUNESKO girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyny geçirmek meselelerine üns berdiler.





















