

Ilon Mask «Teslanyň» Hindistana geljegine wada berdi
Amerikan telekeçisi Ilon Mask özüniň elektromobil taslamasy «Teslanyň» Hindistana geljegine wada berdi.


Amerikan telekeçisi Ilon Mask özüniň elektromobil taslamasy «Teslanyň» Hindistana geljegine wada berdi.


Türkmen türgenleri Wengriýada tamamlanan kikboksing boýunça dünýä Kubogynda on medal — üç altyn medal, bir kümüş medal we alty bürünç medal gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurduň sportyň bu görnüşi boýunça Federasiýasynda habar berdiler.


Dünýäde smartfonlary öndürijileriň irileriniň biri bolan Vivo hytaý kompaniýasy Hançžouda geçiriljek 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlary üçin ykjam telefonlaryň resmi üpjün edijisi diýlip yglan edildi. Oýunlar 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda geçer.


Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndy topary CAFA -2023 – Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň soňky tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykmagy başardy.


Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» pars dilindäki iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi.


Bütindünýä bankynyň karzy arkly maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19- a jogap” taslamasynyň çäginde ganyň umumy derňewi üçin laborator reagentleriniň tapgyry Aşgabat şäherine gelip gowuşdy. Reagentler merkezi we sebit barlaghanalaryna paýlanar we ýurt boýunça esasy laboratoriýa hyzmatlaryny bermek ulgamyny berkitmäge ýardam eder.


Sişenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesini ara alyp maslahatlaşdy.


Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky hususy kompaniýa günde 300-e golaý gün panelini öndürýär, olaryň her biri 650 wata çenli elektrik bilen üpjün etmäge ukyply. Bu barada"Ariana News" habar berýär.


Özbegistan we Eýran Türkmenistanyň üsti bilen multimodal geçelgäni ösdürmek we özbek ýük daşaýjylary üçin tölegleri azaltmak barada ylalaşdylar. Ylalaşyklar Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Eýranyň Ýol hojalygy we şäher gurluşygy ministri Mehrdod Bazrpoşyň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde gazanyldy.


BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň missiýasynyň 2024-nji ýylda Türkmenistana saparyny gurnamak meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji müdiri Natalýa German bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Fransiýa emeli intellektiň ýewropa paýtagty bolmagy niýet edinýär. Bu hakda prezident Emmanuel Makron özüniň CNBC amerikan telekanalyna interwýusynda beýan etdi.


2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan maý aýyna çenli Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 392,74 million dollara deň boldy- diýip, Trend habar berýär. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 3,6 esse köpdür.


Gazagystan we Hytaý Sian gury ýer portynyň çägindäki Gazagystanyň ýük terminalynyň gurluşygyny tizleşdirmegi we ony şu ýylyň ahyrynda ulanyşa tabşyrmagy ylalaşdylar – diýip, Trend habar berýär.


Duşenbe güni, 19-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $27,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 16 geleşik baglaşyldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Özbegistanyň ilkinji hususy uçar kompaniýasy Centrum Air şu gün Ürgençden Moskwa uçuş maksatnamasyna badalga berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.