

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ABŞ-da we Beýik Britaniýada üstünlikli çykyş etdiler
Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Beýik Britaniýada geçirilen iki halkara olimpiadasynda ajaýyp netijeleri gazandylar.


Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Beýik Britaniýada geçirilen iki halkara olimpiadasynda ajaýyp netijeleri gazandylar.


Singapurda geçýän kibersportyň Olimpiýa hepdeliginiň açylyş dabarasynda (Olympic Esports Week), Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah gologramma görnüşinde peýda boldy. Bu barada Halkara olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.


Gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji “JCB” britan kompaniýasy özüniň berkligi we goraglylygy bilen tapawutlanýan täze iki sany smartfon görnüşlerini tanyşdyrdy.


Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanyp, Hytaýdan üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaklyga gyzyklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiligini açyp görkezmek boýunça işewür duşuşygyň barşynda beýan etdi. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy habar berdi.


Türkmenistanda hususy we işewürlik bildirişleri onlaýn ýaýratmak, tanyş bolmak üçin täze amatly “Aýterek” mobil goşundysy işe girizildi. Täze bildirişler mobil programmasyny “Google Play” we “App Store” mobil goşundylar platformasynda ýükläp alyp bilersiňiz. Bildirişler üçin täze mobil goşundyny “Ajaýyp Tilsimatlar” kompaniýasynyň hünärmenleri taýýarlapdyrlar.


22-nji iýunda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kataryň premýer-ministr we daşary işler ministri Mohammed bin Abdel Rahman Al Tani bilen Moskwada duşuşdy.


Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ugratmakda öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi (ösüş 13,5%-e golaý). Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze meýilnama 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli ugurlar, şeýle hem ozalky Milli Hereket meýilnamasyna baha bermekde ýüze çykýan esasy teklipler we öňdebaryjy tejribe esasynda taýýarlanyldy.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Minskdäki diplomatik missiýasy iki möhüm waka - indiki hepde türkmeniň täze Arkadag şäheriniň açylmagyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan brifing berdi.


2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde ýabany haýwanlaryň göçüp-gonup ýören görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS COP14) gatnaşýan döwletleriň 14-nji maslahaty geçiriler. Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Üstýurt serhet üçburçlugynda tebigaty goramak pudagynda serhetaşa hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýärler. Taraplaryň wekilleri Nöküsde tejribe alyşmak üçin duşuşdylar. Türkmenistandan Gaplaňňyr goraghanasynyň işgärleri gatnaşdylar.


Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde ministriň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Yoşikawa bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew paýtagtymyzda iş saparynda bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýeti bilen ýurdumyzyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


Özbegistanda GDA agza-döwletleriň «Arkalaşygyň Çagalary» atly sekizinji halkara medeni-bilim forumy geçýär – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat-gullugy habar berýär.


Harytlary klassifikasiýa etmek babatynda tejribe alyşmak Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň maksatlarynyň biri boldy. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň saýty habar berýär.


Arkadag şäherinde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesi tarapyndan gurnalan “Arkadag-akylly şäher” ady bilen onuň taryhyndaky ilkinji maýa goýum forumy geçer.